Häzirki wagtda ýer, suw ölçeg birlikleri diňe çeper edebiýatda duş gelýär diýäýmeseň, durmuşda ulanylmaýar diýen ýalydyr. Şol ölçeg birliklerine birnäçe mysal getireliň:

  • Tanap – gektaryň bäşden bir bölegine (2000 kw. metr) deň bolan ýer ölçegi;
  • Suw – 3 sagatlyk suw nobaty;
  • Keleme – dört suw (12 sagat);
  • Serkar – sekiz suw (bir gije-gündizlik suw nobaty);
  • Çaňňal – bir eliň gysymynyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
  • Halta – 40-50 kilogram agramly un, galla wwe ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
  • Çuwal – takmynan, 50-70 kilogram agramly un, galla we ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;

Aýsapar GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 315-nji toparynyñ talyby