Merdana türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan gram, kilogram, tonna we ş.m. ýaly agyrlyk ölçeglerinden öň birnäçe agram ölçeglerini ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar. Olar şulardyr:
- Serwer – 120-180 kilogramlyk, bir düýä ortaça ýüklenilýän ýüke deň bolan agram ölçegi;
- Harwar – “eşek ýüki” diýen pars sözlerinden emele gelen adalga (termin) bolup, 300 kilogramlyk agramy aňladýar;
- Put – 16 kilogram agyrlyk ölçegi;
- Batman – 20 kilograma barabar agyrlyk ölçegi;
- Däsir – batmanyň dörtden bir bölegine, ýagny 5 kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Hepbe – 500 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Gadak (kirbeňke) – 409,5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Hokga – 1228,5 grama ýa-da üç gadaga deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Geýrek – Bir zadyň sekizden bir bölegine deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Syry – 16,2 gramdan 409,5 grama (bir gadaga) çenli agyrlyk ölçegi;
- Çetber – kirbeňkäniň dörtden bir bölegi;
- Çärýek – 25 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Seýrek – çärýegiň dörtden bir bölegini, käbir ýagdaýlarda bir zadyň on altydan bir bölegini aňladýan agyrlyk ölçegi;
- Dirhem – 4-5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Mysgal – 4,26 grama deň bolan agyrlyk ölçegi;
- Jöw – mysgalyň togsan altydan bir bölegi.
Gülperi MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 313-nji toparynyñ talyby