Ýewreý awtonom sebitiniň tokaýynda oturdylan gizlenen kameralardaky täze ýazgylar, hünärmenleri hoş habar bilen begendirdi. Sebitdäki gaplaňlar toparynyň “düýbüni tutujy eneleriň” biri – Swetlaýa atly gaplaň ýene ene boldy.

Ýyrtyjy, 4-5 aýlyk iki sany ýolbars çagasy bilen gizlenen kameranyň öňünden buýsanç bilen geçdi. Şol bir wagtyň özünde kamera tarap gaty sesli gygyryp hem ýetişdiler.

Hünärmenler, gaplaň çagalarynyň kakasynyň bu sebitde birnäçe gezek ene gaplaňyň ýanynda göze görnen Ýyldyrym atly ýolbars bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar.

Munuň eýýäm, Swetlaýanyň üçünji çagasydygy habar berildi. Häzirki wagtda, Ýewreý awtonom sebitindäki amur gaplaňlar topary azyndan 20 sany diýip kesgitlenýär.

Güljahan ŞIRIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 309-njy toparynyñ talyby