Ýewpatoriýa sebitindäki Gara deňziň kenarlary açyk-altyn reňke öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän görnüş, ýerli ýaşaýjylar tarapyndan wideo düşürildi.
Hakykatdanam, wideoda ýumşak ak köpük bilen örtülen altyn reňkli tolkunlaryň kenara nädip urulýandygy görkezilýär.
Köpler himiki maddalaryň haýsydyr bir ýol bilen suwa düşüp onuň reňkiniň üýtgemegine sebäp bolandyr diýip gorkdular.
Ýöne hünärmenler sebitiň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny köşeşdirdiler: bu görnüş bütinleý tebigy. Tupan wagtyndaky tolkunlar suwuň aşagyndaky çägeleri ýokara galdyrdy we ol heniz çöküp ýetişmedi.