1507 hytaýly adamlaryň maglumatlaryny gözden geçiren gözlegiň netijesine görä, günde ýarym käse gök çaý hem gipertoniýa howpuny peseldýär we gan basyşyna oňyn täsir edýär. Maglumatlar Archives of Internal medicine neşiri tarapyndan çap edildi.

Alymlar, egerde bir ýylyň dowamynda her gün ýarym käse ulun ýa-da gök çaý içseňiz, gipertoniýanyň döremek ähtimallygy 46 göterim azalar. Günde 2,5 stakandan köp gök çaý içýänlerde bolsa, bu keseliň döremek howpy 65 göterim azaldy.

Munuň sebäbi, ulunda we gök çaýda gipertoniýa garşy göreşýän ýörite antioksidantlar (polifenollar) bar bolmagydyr.

Bahar ESENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 308-nji toparynyñ talyby