Ýürek keseliniň alamatlary duýdansyz aladalanma, sowuklama bolmadyk ýagdaýynda dörän üsgülewük, baş aýlanma, barmaklaryň sançmagy, göz görejiniň bulaşmagy, duýdansyz nähoş bolmak, döşüň we elleriňi ýaramaz duýmak, derlemegiň birden ýokarlanmagy, ýürek bulanma ýa-da sary gaýnama bolup biler. Alamatlaryň iň bolmanda biriniň peýda bolmagy, ýürek keseliniň alamaty bolup biler.

Ýürege kislorod ýetmedik ýagdaýynda, adam bulaşyk dem alyp başlaýar we alada döreýär – bu möhüm alamatlaryň biridir.

Şeýle ýagdaýlar gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýär. Bu ýagdaýlara üns bermezlik saglyk üçin agyr netijelere we hatda ölüme sebäp bolup biler.

Muhammet MUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 306-njy toparynyñ talyby