Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Dünýäniň ençeme döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda bolmagy hem aýdyň mysaldyr. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.
Ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny has-da işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy we köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Mundan başga-da beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda taraplar ählumumy we sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ulgamynda garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de berkitmegiň möhümdigini hem aýdyp geçdiler.
Türkmen wekiliýetiniň Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri bilen geçirilen duşuşygynda senagat, ulag hem-de kommunikasiýalar ugurlarynda, aýratyn-da, halkara we sebitara awtomobil hem-de demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şeýle-de, duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Eýranyň biziň ýurdumyz üçin esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň möhüm orny bellenildi.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça gazanylan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlary, şol sanda nebit we gaz, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Munuň özi biziň ýurdumyzda bu ulgam boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň depginiň has-da ýokarlanmagynda örän ähmiýetlidir.
Umuman, şeýle ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi Watanymyzyň dünýä ýüzünde alyp barýan dostlukly, parahatçylykly we ynsanperwer syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna, şeýle-de, halkara derejesindäki ornunyň barha berkemegine hem uly ýardam berýär.
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

RU



