Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy meselele halkyň saglygyny goramaklykdan ybarat. Oňa durmuş ykdysady we lukmançylyk çäreleriň toplumy degişli bolup, bu meseläniň esasy – keseliň öňüni almakdan, adamlaryň saglygyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Bu babatda biziň ýurdumyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işler örän çäksizdir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş Maslahatynda hem bu ulgamda alnyp barylýan işler barada aýratyn nygtalyp geçildi. Bu barada TDH saýtynda giňişleýin maglumat berilýär.
Maslahatda ýurdumyzda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmagy we bu çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada aýratyn durlup geçildi. Onda Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýän maglumatlara görä, bütin dünýä howp salýan koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýüze çykarylandygyny we onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde durnukly epidemiologik-saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çägine ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, ulgamlaýyn görnüşde degişli çäreleriň yzygiderli we güýçli depginde dowam etdirilýändigi hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilýändigi barada aýratyn aýdylyp geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda saglygy goraýşyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we ählumumy ýokanja garşy göreşmek işinde dünýäniň ösen tejribesini giňden ulanmak, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde sebitde koronawirus ýokanjynyň täze, hususan-da, “omikron” görnüşi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň gelmegi bilen keselleriň has-da güýjemek mümkinçiliginiň bardygyny nazarda tutup, bu ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak, şeýle ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek boýunça häzirki döwürden taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, zerur bolan sanjym we dermanlyk serişdeleriň üpjünçiligi babatda degişli teklipleriň taýýarlanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýär. Häzirki wagtda şeýle tejribelere esaslanylyp ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilatymyzyň ýaşyna görä sanjymlar yzygiderli geçirilýär. Munuň özi bu keseliň garşysyna biziň Watanymyzda alnyp barylýan işleriň has-da ýokary netijelere eýe bolmagyna getirýär we “Döwlet adam üçindir” şygaryna berk eýerilýändigini aýdyň görkezýär.
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.