ABŞ-da milli baýram hasaplanýan gyzgyn çaý güni bize Hytaýdan däl-de, Amerikadan geldi. Bu geň däldir: Amerikanyň Birleşen Ştatlary çaý içmekde dünýäde ikinji ýerde durýar, ýöne Amerikalylar köplenç sowuk, hatda buzly çaý içýärler. Amerikada bu içginiň yssy bolanda nähili tagamlydygyny gaty az adam bilýär, şonuň üçin gyzgyn çaýy meşhur etmek üçin aýratyn bir gün girizildi. Ol her ýylda 12-nji ýanwarda bellenilýär.
Çaýyň tapylmagy, miladydan öňki 2700-nji ýylda Hytaýda ýaşan Hytaý imperatoryna we Hytaý lukmançylygynyň atasy Şen Nuna degişlidir. Bu hytaýly adam çaý hakda gyzgyn çorba infuziýasy diýip gürledi. Rowaýata görä, işden soň halys ýadaw Şen Long otuň üstünde suw gaýnatmak kararyna gelende, agaçdan ýapraklaryň gaýnap duran suwa düşendigini görüpdir. Demlenen içgini içeninden soň, ol özüni şadyýan we güýçli duýupdyr. Soň bolsa, beýleki iýmitler ýaly güýç berýän täze tagam tapandygyna düşünipdir. Şondan soň, ol çaýyň bejeriş aýratynlyklaryna göz ýetirdi.
Şol wakadan bäri Hytaýda çaý sözi özüne mahsus häsiýete eýe bolup, “cha” diýlip atlandyrylýar we gül, ýaprak we agaç arasynda agaç görnüşinde ýasalýar. Bu ieroglif, adamyň tebigat bilen sazlaşygyny aňladýar.
Gündogar halklary 5 müň ýyldan gowrak wagt bäri çaý içýärler. Şol bir wagtyň özünde-de, 1904-nji ýylda ABŞ-da çaý haltalary peýda bolan bolsa-da, häzirki wagtda çaý haltalary Gündogarda, esasanam, Ýaponiýada we Amerikada känbir meşhur däl.
Gurbangylyjowa Hesel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












