Türkmenistanda Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatynyň çäginde aýtdy.

Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.