Täjigistan GDA döwletleriniň arasynda, esasan, Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Netijede, Türkmenistan respublikanyň esasy söwda hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu barada Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi habar berdi diýip, tj.sputniknews.ru belleýär.
Şeýlelikde, respublikalaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,5 esseden gowrak ýokarlandy.
2021-nji ýylyň awgust aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikler oňyn netijeleriň gazanylmagyna täsirini ýetirendir.
Döwlet baştutanlarynyň duşuşygynyň esasy temalarynyň biri söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boldy.
Türkmenistan Täjigistan bilen ýangyç-energetika toplumynyň önümleri bilen söwda, gurluşyk we himiýa senagaty, azyk, dokma, farmasewtik senagaty we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.
Şeýle-de, respublikalaryň arasynda maliýe, ykdysady we söwda-senagat pudaklarynda birnäçe resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda ýurtlarda söwda öýlerini döretmek baradaky şertnama, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasy, 2021 – 2023-nji ýyllar üçin söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça ýol kartasy, respublikalaryň söwda we senagat palatalarynyň arasynda Iş geňeşini döretmek baradaky şertnama bar.
Umuman aýdylanda, 2021-nji ýylda Täjigistan GDA döwletleriniň hemmesi bilen söwda dolanyşygyny artdyrdy. Ýagny, respublika bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda 32%, Gazagystan bilen söwda 30,6% ýokarlandy.