Dylan lakamly internet-insaýderiň sözlerine görä, bu kupertinlileriň segmentde nobatdaky rewolýusiýa etmek isleýändikleri bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde, iPhone öndürijileri çeýe displeýli smartfonlaryň synagyny kompaniýa içersinde işjeň geçirýärler.
Häzirki wagtda “Apple” birbada şeýle enjamlaryň birnäçe prototipini öwrenýär. Şol bir wagtyň özünde, IT ägirdi çeýe displeýli smartfonlaryň bu şowhunynyň wagtlaýyn ýa-da däldigini bilmek üçin bazar ýagdaýlaryna hem üns berýärler.
Mundan başga-da, dünýäniň iPhone Fold smartfonlaryny henize çenli görmedigniň sebäpleriniň biri, alma korporasiýasynyň Android smartfon öndürijilerine meňzemek islemeýänligidir. Olardan tapawutlylykda Apple kompaniýasy çeýe displeýli smartfonyň prototipini däl-de, eýsem doly gutarnykly kämilleşen önümi bazara çykarmak isleýär.
G BEKMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 303-nji toparynyñ talyby