“PSŽ” topary özüniň belli hüjümçisi Lionel Messini ýitirip biler. El Chiringuito TV-nyň twitter-hasabynda habar berlişi ýaly, 34 ýaşly argentinaly hüjümçi şu möwsümiň ahyrynda fransuz ägirdini terk etmäge hyýallanýar.

Messiniň karýerasyny nirede dowam etdirjekdigi entek belli däl. Mundan öň habar beriş serişdeleri hüjümçiniň MLS klublarynyň birine geçmegi göz öňünde tutup biljekdigi habar berildi.

Leo 2021-nji ýylyň tomsunda iki ýyllyk zähmet şertnamasyna gol çekdi we parižanlaryň toparyna goşuldy. Messi fransuzlara mugt gitdi, sebäbi Kataloniýaly “Barselona” topary bilen şertnamasy, 2020/2021 möwsüminiň ahyrynda gutardy. Taraplar “gök gyzyllaryň” maliýe kynçylyklary sebäpli hyzmatdaşlygy uzaldyp bilmediler.