Russiýaly newrolog-lukman Igor Orlowyň sözlerine görä, jaň sagady jyňňyrdandan soň, adamyň biraz wagtlyk ýerinden galman ýatmaly – bu beden üçin peýdaly bolar.
Orlowyň pikiriçe, birden ýeriňden galmak gan aýlanyş ulgamyna aşa köp ýük berýär we köplenç baş aýlanmagyna sebäp bolýar, bu bolsa gaty howply bolup biler. Şonuň üçin oýanandan soň “birazajyk ýatmak we kem-kemden çekilýän maşklary ýerine ýetirmek, uzak gije hereketsiz galan myşsalary ýazmak” zerurdyr.
Kese ýagdaýdan dik ýagdaýa geçmegiň iň gowy usuly, aýagyň barmaklaryny we ökjäňi özüňe tarap kem-kemden çekmekdir diýip, lukman aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, şeýle manipulýasiýalar ertirki maşklaryň ornuny tutup bilmez diýip bilermen aýtdy.
Güller AMANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 302-nji toparynyñ talyby