Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek we dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan netijeli goldaw berilýändigini nygtap, häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda howa şertlerine laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýändigini belledi. Ak ekinlere ideg etmekde ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylýar.
Döwlet Baştutanynyň tagallasy bilen, Türkmenistanyň daýhanlarynyň öndürijilikli zähmeti ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan kärendeçiler şu ýylda ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde gowaçadan boşan meýdanlaryň häzirki döwürde 244 müň 411 gektarynda sürüm işleri geçirilip, ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak çäreleri dowam edýär. Şeýle hem halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu ýyl bu ekinleriň meýdanynyň 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň 106 müň gektara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň mukdaryny artdyrmak, şeýlelikde, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gülnur HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.