Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda birnäçe döwrebap kitaphanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Dürli kitaplar gorynyň jemlenýän ýeri bolan kitaphanalar ähli amatly şertler bilen üpjün edilen. Bu bolsa mähriban Arkadagymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň, sarpasynyň netijesidir.

 Kitap ─ bu bilimleriň gözbaşy, çeşmesi, akyl-paýhasyň özenidir. Körpeler çagalar bagyna gatnaýan wagty suratly kitaplary synlap, mekdebe gadam basandan soňra “Harplyk” kitapdan harplary öwrenip, olar özleriniň bilim derejesiniň düýbini  tutup başlaýarlar.

Kitaby söýüp okaýan adamyň düşünjesi, pikir ediş ukyby üýtgeşikdir we dünýägaraýyşy giňdir. Belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” atly eserinde Welimyrat aga kitaby köşekli düýä hem çalyşmandyr. Çünki, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri kitaba uly hormat goýupdyr.  “Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz”, “Kitap okan magnydan dok” ýaly nakyllarda hem kitabyň ähmiýetlidigi nygtalýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaba, neşire berilýän ähmiýet has hem güýçlendi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen çapdan çykan kitaplary elektron görnüşinde okyjylar internet arkaly hem alyp, okap bilýärler.        

5 – 6-njy noýabr aýynyň dowamynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde “Kitap ─ hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty  geçirilýär. Her ýyl dowam edip gelýän bu sergi-ýarmarka dünýäniň ençeme ýurtlaryndan iri neşirýat öýleriniň we çaphanalarynyň, çaphana enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň ýygnanan merkezine öwrülip, nobatdaky gezek milletara medeni gatnaşyklary giňeltmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin giň meýdança hökmünde öz ähmiýetini görkezýär. 

Bu örän many-mazmuna baý sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň tejribeli mugallymlary we zehinli talyplary gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň mugallymy Rahman Rahmanow kitap bezeg işleri, “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymlary Gülara Babaýewa keramika  we Aýjemal Çaryýewa zergärçilik işlerini öz şägirtleri bilen çäräniň dowamynda tomaşaçylara ýerine ýetirip görkezýärler.

 Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýanyň “Binagärlik we taslama” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Geldimyrat Orazgeldiýew gurulmagy meýilleşdirilýän Akylly şäherde ýerleşjek binanyň taslamasyny kompýuterde 3Ds max programmada ýerine ýetirip görkezýär. Ýokary okuw mekdebimiziň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Daňatarow wakuum planşetiň ýüzünde ýörite galam bilen Zbrush programmada türkmen alabaý itiniň şekilini çekip, 3D printerde çapa taýýarlar ýaly etdi hem-de “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Hanmyrat Mämmedow we Maksat Çerkezow döredijilik sergilere bagyşlanan kitaplaryň Adobe InDesign programmada işläp görkezdiler.

Halkara kitap sergi-ýarymarkada bu ýokary okuw mekdebimiziň pawilýonynda goýlan kitaplaryň arasynda “Gujurly ýaşlar” atly sergi katalogy köpleriň ünsüni çekdi. Çünki, bu katalogda çeperçilik akademiýanyň gujurly ýaşlarynyň döreden eserleri suratlary bilen üpjün edilen. Şeýle hem çeperçilik akademiýanyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň zehinli talyplarynyň dürli şahsy we toparlaýyn döredijilik sergilere bagyşlanan, türkmen şekillendiriş sungatynda görnükli orun tutan suratkeşleriň döredijiligini açyp görkezýän albomlary we kitapçalary görkezilýär. Bulary ýaş sungaty öwrenijiler kompýuteriň Adobe InDesign programmasynda taýýarlap, işini neşir etdiripdirler. Çap edilen kitapçalary diske ýazdyryp, elektron görnüşinde ýokary okuw mekdebimiziň kitaphanasynda hem goýýarlar. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň durmuşymyza ornaşandygyndan nyşandyr.

Sergi-ýarmarkada belli türkmen grafika suratkeşleri Döwletgeldi Akyýew we Alymjan Işangulyýew hem grafika eserleri bilen gatnaşdylar. Bu suratkeşler Türkmenistanda çapdan çykan kitaplaryň grafika bezeg işlerini ýerine ýetirmekde uly goşant goşýarlar. Kitaby bezemekde grafiki suratkeşlere jogapkärli wezipe goýulýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem “Grafika” kafedrasynyň “Kitap grafikasy” bölüminde zehinli talyplara kitaby çeper bezemegiň dürli ýollaryny öwredýärler. Bu hünäriň eýeleri ýurdumyzda çapda çykýan kitaplaryň grafika bezeg işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler.

Bu sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň neşirýat gullugynda çap edilen kitaplar hem öz mynasyp ornuny eýeledi. Sergi-ýarmarka bilim çeşmesi hökmünde Türkmenistanda kitaba goýulýan aýratyn hormatyň we bu ugurdaky döwlet aladalarynyň nobatdaky ýüze çykmasy boldy.

Ýazgül Beginýazowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby