Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulaglaryň aýratyn möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň gurulmagy hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir. Geljekde bu portuň has netijeli ulanylmagy bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykaryljakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlandyryljakdygy şübhesizdir.

Häzirki döwürde Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, deňiz-derýa ýollary, awtomobil, demir ýollary, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär,  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly, utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.

Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmekde edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Nariman Açilow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň Ýol gurluşugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby