Adamzadyň ýaşaýşynda derwaýys zatlaryň biri-suw. Hut şonuň üçin dälmi näme, pederlerimiz ony altyna deňäp, «Suw damjasy-altyn dänesi» diýeni.    Gürrüňi ýok, altynsyz oňsa bolar, emma suwsyz weli… Çüňki suw-ýaşaýşyň gönezligi. Suw bolmasa, biz teşneligimizi neneňsi gandyrardyk, geýim-gejimizi tämizläp bilerdik?! Şol bolmasa, ekin ekip, mal-gara saklap, oňşuk dolandyryp bilmezdik ahyry! Ýer ýüzündäki barça janly-jandaryň dem alşyny kislorod bilen üpjin edip, onuň işläp çykarýan zyýanly maddasyny-kömürturşy gazyny öžüne siňdirip, tebigatyň durnuklylygyny, mizemezligini, bakylygyny mizan terezesi deýin sazlaýan, dürli ululykdaky al-ýaşyl öwüşgünli ot-çöpleri ösdürýän ýene şol gudratly suw. Bu aýdanym ekologiýa ylmyndan bir damja. Mahlasy, suw bolmasa, ýaşaýşam ýok, durmuşam.

Türkmende «Suwy suwa guý» diýen ganatly söz bar. Bu onuň: «Ýolagçy bolup ýanyňa suw göteriniňde, bol suwuň üstünden düşmän, oba-gara aralaşman, ony ýedi ýolda dökäýmegiň, ýalňyşarsyn» diýdigi. Hudaýa şükür, şäherlerimizde, köp obalarymyzda hem turbalar arkaly her bir öýe birsydyrgyn suw akyp dur. Çarwa ilaty suwy aglaba guýulardan, çeşmelerden, howuzlardan, howdanlardan, ýata suwlardan, ýagny ýagşyň, erän garyň çöket ýerlerde uzak wagtlap saklanýan ýerlerinden (oňa kak, boş suw diýýänlerem bar) alyp haýyrlanýarlar.

Ekologiýa, tebigaty goramak düşünjesinden her bir raýatyň habarly bolmalydygyny bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Çünki tebigat-biziň umumy öýümiz, umumy ýaşaýyş jaýymyz. Ony ýatyp-turýan, ýaşaýan mukaddes öýümiz kimin eý saklamaly ahyry! Muňa birki mysal getireýin. Ýokarda ady agzalan etrabyň Goýmat obasynda birmahallar jyrla guýularyň daş-töwereginde deri, bagana duzlapdyrlar. Gökden düşýän ygalyn netijesinde bolsa, ol duzlar assa-assadan guýulara siňip, suwuň hiline ýaramaz täsir edipdir. Çagyl obasynyň ortaragyndan uly çaý akyp geçýär. Çaýyň iki kenarynda bolsa guýular ýerleşýär. Oba ýaşaýjylary çaý joşup gelen çagy özi bilen alyp gitsin diýip, küllerini, aňry-bäri zibillerini şol çaýa döküpdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu guýularyň bal ýaly süýji suwy öz tebigy gymmatyny peseltdi. Soňky döwürde degişli guramalaryň, ýerli ýaşaýjylaryň tagallasy esasynda tebigaty hapalaýan hereketleriň soňuna çykyldy. Oba ilaty guýularyň, beýleki suw ýataklaryňam päkize saklanylmagyna uly ähmiýet berýär. Her ýyl guýularyň içi arassalanyp, ol-bu ýerleri bejerilip durulýar. Ötenlerimiz haýyr-sogap bolsun diýip, obalarda guýular, öri meýdanlarynda hem mal-gara suwlanar ýaly howuzdyr howdanlar gazypdyrlar. Gowy tarapy, soňra şol suw desgalary il bahbitli üçin asylly iş eden adamlaryň ady bilen tutulýar.

Hydyrow Azat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby