Nurana umyt-arzuwlara we şatlyk-şowhunly dabaralara beslenen täze — 2022-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynyň täze sahypasyny açdy. Il-ulsumyz gadymy döwürlerden dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, Täze ýyly toý dabaralary bilen garşylady. Täze 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda onuň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygaryny tassyklamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu şygar tutuş halkymyzyň bagtyýarlyk eýýamyny esaslandyran hem-de Watanymyzy täze belentliklere alyp barýan Gahryman Prezidentimize söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda ýurdumyzyň täze belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere barýan ýoluny dowam etdirjekdigi şübhesizdir.
Ata Watanymyz Türkmenistanda 2007-nji ýylda berkarar edilen bu täsin döwür ýurdumyzyň asuda hem abadan durmuşynyň. eşretli hem bolelin ýaşaýşynyň, parahat hem bagtyýar ykbalynyň nyşanyna öwrüldi. Çünki, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap ýurdumyzyň günsaýyn gülläp ösüp, kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň Gahryman Arkadagly zamanamyza bolan belent söýgüsini aýan etdi. Bu belent söýgi Beýik Arkadagly zamanamyzyň kalbymyzda bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanýan belent ruhuny alamatlandyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» – eşretli durmuşyň güwäsi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Çünki «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyk, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmeklik maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar. «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa ynsan saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygydygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bu Kanunlar bilen 2022-nji ýyla – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna gadam basjak halkymyz täze ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatlary amal ederler.
Yslam TYLLANUROW,
TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň uly mugallymy.

RU












