“Maliýe syýasaty – döwletiň maliýe serişdeleriniň peýdalanylyşyna, girdejileriň we çykdajylaryň kadalaşdyrylyşyna, döwlet býujetiniň emele gelişine we ýerine ýetirilişine, pul dolanyşygynyň salgyt kadalaşdyrylyşyna, milli puluň hümmetine täsir edilişine degişlilikde döwletiň we onuň hökümetiniň geçirýän syýasaty”. Başgaça aýdanyňda, maliýe syýasatyna döwletiň öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin maliýe gatnaşyklaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly döwlet guramalarynyň takyk işi hökmünde seredilip geçilýär.
Döwletiň geçirýän maliýe syýasaty bilen bilelikde ykdysady subýektleriň amal edýän maliýe syýasaty hem bar. Ykdysady subýektleriň maliýe syýasaty – bu telekeçiligiň maksatlaryna ýetmek babatda maliýe menejerleriň işleriniň maksatly gönükdirmesidir. Ykdysady subýektleriň maliýe syýasatynyň maksat-lary şulardan ybarat durýar:
– bäsleşik şertlerinde ykdysady subýektli aman galdyrmak;
– batyp galmakdan we uly maliýe şowsuzlyklardan gaçyp gutulmak;
– bäsleşikde ilkinjiligi saklamak;
– ykdysady subýektiň bazar bahasyny ýokary derejede saklamak;
– ykdysady subýektiň ykdysady kuwwatynyň ösüş depginlerini durnukly üpjün etmek;
– önümçiligiň göwrümini we ýerlenýän önümiň mukdaryny artdyrmak;
– alynjak peýdanyň pul möçberini iň ýokary derejä ýetirmek;
– çykdajylaryň pul möçberini pese düşürmek;
– ykdysady subýektiň düşewüntli işini üpjün etmek we ş.m.
Ykdysady subýektiň geçirýän maliýe syýasatynyň aýry-aýry maksatlary-nyň ilkinjiligi, ilkinji nobatda telekeçiligi alyp barmagyň maksatlary bilen şertlendirilýär. Ykdysady subýektleriň öňünde goýlan maksatlaryna ýetmek üçin degişli maliýe mehanizmi ulanylýar.
Abdykerim Muhanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.