Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň gerimi boýunça ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra duşuşyk giňeldilen düzümde dowam etdi we onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söhbetdeşler hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýan bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ministrler Türkmenistandan Owganystana demirýollaryň gurluşygy boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işlere seredip geçdiler.
Söhbetdeşler sebit howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky türkmen-owgan özara hereketleriniň mundan bäýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny bellediler.