Ykdysady subýektlerde girdejileriň emele gelişiniň usullaryna laýyklykda maliýe ulgamyny merkezleşdirilen maliýe (jemagat maliýesi) we merkezleş-dirilmedik maliýe (ykdysady subýektleriň we öý hojalyklaryň maliýesi) çy-gyrlaryna bölmek maksadalaýykdyr.

Merkezleşdirilmedik maliýe maliýe ulgamynyň özeni bolup durýar, sebäbi hut şu çygyrda döwletiň maliýe serişdeleriniň aglaba bölegi emele gelýär. Şu serişdeleriň bir bölegi maliýe hukugunyň ölçeglerine laýyklykda ähli derejelerdäki býujetleriň we býujetden daşarky gaznalaryň girdejilerine gaýtadan paýlanylýar. Şonuň bilen birlikde, şu serişdeleriň aglaba bölegi býujet guramalarynyň maliýeleşdirilmegine, subwensiýalar we subsidiýalar görnüşinde täjirçilik kärhanalaryna gönükdirilýär, şeýle hem ilata durmuş transferleri (pensiýalar, kömek pullary, talyp haklary we ş.m.) görnüşde gaýtaryp berilýär.

Täjirçilik kärhanalaryň maliýesi merkezleşdirilmedik maliýesinde merkezi orun tutýar. Täjirçilik kärhanalarynda maddy naz-nygmatlary döredilýär, harytlar öndürilýär, hyzmatlar amal edilýär, jemgyýetiň ykdysady we durmuş ösüşiniň esasy çeşmesi bolup durýan peýda emele gelýär.

Maliýe araçyllaryň maliýesi merkezleşdirilmedik maliýe ulgamynda we ähli maliýe ulgamynda aýratyn özboluşly ähmiýete eýedir. Wagtlaýynça erkin pul serişdeleri bar bolan taraplar bilen pul serişdelerinde mätäçlik çekýän taraplaryň arasynda arabaglanyşyklary gurnamakda ýöriteleşýän firmalar maliýe araçyllary diýlip atlandyrylýarlar. Bazar ykdysadyýeti ösen döwletleriň maliýe ulgamlarynyň şu düzüminde, ilkinji nobatda maýa goýum maksatlary üçin peýdalanylýan ägirt uly maliýe serişdeleri jemlenýär. Maliýe araçyllaryň görnüşleriniň köp dürlüligine garamazdan, olar umumy bir bitewi wezipäni ýerine ýetirýärler, ýagny dürli-dürli “maliýe hyzmatlaryny” satyn alýarlar we satýarlar we şonuň netijesinde maliýe serişdelerini olaryň sarp edijilerine netijeli geçirilişini üpjün edýärler.

Sapar Kesäýew,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň mugallymy.