Täsin haýwanat dünýäsi bilen tanalýan Galapagos arhipelagynyň iň uly adasy Isabelada wulkan atylmagy başlandy diýip, Galapagos milli seýilgähi habar berýär.
Bu arhipelagyň degişli bolup duran ýeri Ekwadoryň geofizika instituty gaz we kül bulutlarynyň 3,8 müň metre ýetendigini, wulkanyň günorta we günorta-gündogar eňňitlerinden lava akymlarynyň aşak gaçýandygyny habar berdi. ” Golaý ýerlerde wulkanyň işjeňliginiň täsiri ýetip biljek ilatly ýer ýok” -diýdi institut belläp geçýär.
Isabela adasynda, diňe 2009-njy ýylda aýratyn görnüş hökmünde ykrar edilen özboluşly gülgüne iguanalar ýaşaýarlar. Olaryň populýasiýasy ýarym müň töweregi iguanadan durýar we adadaky alty sany wulkanyň iň beýigi hasaplanýan Wolf wulkanyň golaýynda ýaşaýarlar. Iň soňky gezek ol 2015-nji ýylda atylypdy, ondan öň bolsa 30 ýyldan gowrak wagt bäri ukudady.