Hytaýyň «Ýuýtu-2» atly lunohodynyň Fon Karman atly kraterde düşüren “Gizlin” obýekti kiçijik daş bolup çykdy diýip, CNet internet neşiri habar berýär.

Obýektiň ilkinji suratlary dekabr aýynyň başynda peýda boldy. Suratyň rakursy sebäpli, gorizontdaky obýektiň üýtgeşik bir görnüşi bar ýaly görünýärdi, şonuň üçin oňa “syrly jaý” lakamy berildi.

CNet-iň habaryna görä, kosmos tematikasyny beýan edýän žurnalist Endrýu Jons “Yyýtu-2” -de düşürilen täze bir suraty çap etdi, ol suratda “syrly” obýektiň krateriň gyrasynda ýatan adaty bir daşdygyny görüp bilersiňiz.

Babajanow Murad,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.