Jemagat maliýesine şu alamatlar mahsusdyr:
– maliýe gatnaşyklarynyň pul häsiýeti;
– döwlet we ýerli býujetlere, şeýle hem býujetden daşarky gaznalara ykdy-sady subýektleriň we ilatyň töleýän tölegleriniň muzdsuz we yzyna gaýtaryp bermesiz häsiýeti;
– döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen ykdysady subýektleriň we ilatyň arasyndaky pul gatnaşyklarynyň mejbury ediş häsiýeti (döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary hukuk namaly görnüşde hökmany tölenmeli tölegler ulgamyny hem-de şol subýektler tarapyndan şu tertip bozulan ýagdaýynda täsir ediji çärelerden peýdalanmak ulgamyny kesgitleýärler);
– pul görnüşinde eýýäm öň paýlanylan jemi içerki önümi gaýtadan paýlamak häsiýeti.
Korporatiw görnüşli (esaslyk maýasynda paýdarlaryň paýlaryny göz öňünde tutmak bilen) milli we transmilli guramalaryň döredilmegi bilen baglanyşykly iri möçberli haryt önümçiliginiň artmagy bilen, üznüksiz önümçiligine gatnaşýan aýry-aýry gatnaşyjylarynyň arasynda pul serişdeleriniň toplanylyşynyň, paýlanylyşynyň, peýdalanylyşynyň usullarynyň we tärleriniň kämilleşdirilmegine degişli talaplar bildirilýär.
Harytlaryň dolanyşygyndan aýrybaşgalanan pul serişdeleriniň dolandyrylyşy baradaky meseleler şu paýlaýyş prosesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Pul dolanyşygy karz pullaryň aýry-aýry görnüşleriniň berlişi, şeýle hem aýry-aýry subýektleriň arasynda jemi içerki önümiň paýlanylyşy we gaýtadan paýlanylyşy bilen şertlendirilýär, olaryň her biri hereket edýän hukuk namalaryna ýa-da paý dolanyşygynyň kadalaryna laýyklykda öndürilen önümden öz takyk paýyny almaga ymtylýarlar, bu bolsa maliýe gatnaşyklarynyň çygryna degişli edilýär.
Maksatly ugurlarda peýdalanýan pul gaznalaryň aýry-aýry görnüşleriniň emele gelmegi bilen şertlendirilýän jemi içerki önümiň gaýtadan paýlanylmagy, maliýe gatnaşyklarynyň tapawutlandyryjy alamatydyr. Döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň derejesinde döredilýän pul serişdeler gaznalary mer-kezleşdirilen gaznalary, hojalygy alyp barýan subýektleriň we öý hojalyklaryň derejesinde emele gelýän pul serişdeler gaznalary merkezleşdirilmedik gazna-lary diýlip atlandyrýarlar. Hojalygy alyp barýan subýektleriň alyp barýan işiniň aýry-aýry görnüşlerinden gelip gowuşýan girdejilerden ulanyş tölegleri, iş haky, býujet we býujetden daşarky gaznalara tölenýän tölegler, şeýle hem peýda görnüşli pul serişdeleriň ýörite gaznalary döredilýär. Peýdanyň bir bölegi öz gezeginde salgyt ulgamynyň üsti bilen döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygyna gelip gowuşýar, onuň galan bölegi bolsa, önümçiligi giňeltmek we pul serişdelerini toplamak üçin peýdalanylýar we telekeçilik girdejisi we düşewüntler görnüşinde paýlanylýar. Şu gaznalaryň emele gelişi berk tertipleşdirilen häsiýete eýedigini belläp geçmek zerurdyr, bu bolsa maliýe gatnaşyklarynyň ýene-de bir tapawutlandyryjy alamatydyr.
Kerim Babaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.