Jemi içerki önümiň gymmaty döwletiň we ýerli öz-özüni dolandyryş edara-larynyň, hojalygy alyp barýan subýektleriň we ilatyň pul girdejileriniň esasy maddy çeşmesidir. Onuň ululygyna we paýlanylyş häsiýetine laýyklykda ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň we jemgyýetiň agzalarynyň islegleriniň kana-gatlandyrylmagynyň mümkinçilikleri bagly bolup durýar. Maliýe gatnaşyklary köp dürlüdir. Maliýe gatnaşyklary pul gatnaşyklary bilen ýakyn arabaglanyşykda, olar şu aşakdakylar:

– önüm ýerlenende, hyzmatlar amal edilende, haryt-maddy gymmatlyklar satyn alnanda hojalygy alyp barýan subýektleriň arasyndaky pul gatnaşyklary;

– bilelikdäki pul serişdeleri gaznalary döredilende we peýdalanylanda hojalygy alyp barýan subýektleriň we olaryň ýokarda duran guramalarynyň ara-syndaky pul gatnaşyklary;

– býujet we býujetden daşarky gaznalar emele gelende hojalygy alyp barýan subýektleriň döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň arasyndaky pul gatnaşyklary;

– maksatly ugurlar boýunça peýdalanylýan pul serişdeler gaznalary dö-redilende we ulalanda hojalygy alyp barýan subýektleriň arasyndaky pul gat-naşyklary;

– aýry-aýry býujetleriň we býujetden daşarky gaznalaryň arasyndaky pul gatnaşyklary;

– býujet we býujetden daşarky gaznalar emele gelende raýatlar bilen döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň arasyndaky pul gatnaşyklary.

Döwletiň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, hojalygy alyp barýan subýektleriň we ilatyň ygtyýarlygynda bar bolan pul serişdeleriň jemi maliýe serişdeleri diýlip atlandyrylýar. Maliýe serişdeleriniň çeşmeleri:

– hojalygy alyp barýan subýektleriň derejesinde: peýda, ulanyş tölegleri, gymmatly kagyzlary ýerlemekden alynýan girdejiler, bank karzlary, göterimler, beýleki emitentleriň çykarýan gymmatly kagyzlary boýunça düşewüntler;

–  ilatyň derejesinde: iş haky, baýraklar (sylaglar), iş hakyna tölenýän goşmaça haklar, durmuş häsiýetli tölegler, iş sapary çykdajylary, telekeçilik işinden alynýan girdejiler, peýdanyň paýlanylyşyna gatnaşmakdan alynýan girdejiler, şahsy emlägi ýerlemek babatda geçirilýän amallardan alynýan girdejiler, durmuş transferleri, şol sanda pensiýalar, kömek pullary, talyp haklary, sarp ediş karzlary;

– döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň derejesinde: döwlet we ýerli häkimiýet edaralaryndan alynýan girdejiler, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň emlägini hususylaşdyrmakdan alynýan girdejiler, daşary ykdysady işinden alynýan girdejiler, salgyt girdejileri, döwlet karzy, puluň emissiýasy we gymmatly kagyzlaryň emissiýasyndan alynýan girdejiler.

Abdykerim Muhanow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň uly mugallymy.