Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan “Ro-Ro” görnüşli bir sany gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga, şeýle hem “Ro-Ro” görnüşli bir sany gämini gurmak boýunça taslamanyň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy — Karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
YÖB we OPEK Türkmenistan üçin üç sany gäminiň gurluşygyny maliýeleşdirer
