Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň häkimlikleri oba hojalyk ekinleriniň ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.