Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Bu resminama “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmak, bu ugurda döwlet meýilleşdiriş ulgamyny, bitewi milli ulag syýasatyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen ösýän ulag ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işler Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygynyň has hem giň gerime eýe bolmagyna, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Diýarymyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynam bildirýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, deňhukuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Batly gadamlary diňe üstünliklere beslensin!
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy