Osmanly taryhynyň möhüm hökümdarlaryndan biri hem Selim I-dir. Ýowuz Soltan Selim ady bilen tanalýan bu beýik türkmen hökümdary 1512-nji ýylda Osmanly döwletinde tagta çykdy. Ol Sefewi hökümdary Şa Ysmaýylyň Anadolyda edýän işleriniň öňüni almak maksady bilen 1514-nji ýylda Eýran ýörişe çykdy. Şol ýylyň awgust aýynda bolup geçen Çaldyran söweşinde Osmanly imperiýasy uly bir ýeňiş gazandy. Bu söweşden soňra Ysmaýyl şa gaýdyp Osmanly döwletine golaýlaşyp bilmändir.
Ýowuz Soltan Selim 1516-njy ýyldaky Merjidabyk we 1517-nji ýyldaky Ridaniýe söweşlerinde memluklere garşy taryhy ähmiýetli ýeňişler gazandy. Bu ýeňişleriň netijesinde Memluk döwleti ýykyldy we Müsür Osmanly döwletiniň häkimiýetine girdi. Ýowuz Soltan Selim imperiýany saklamak üçin diňe bir gury ýerde däl-de eýsem deňizde hem güýçli bolmalydygyna gowy düşünýärdi. Soltanyň emri bilen 1518-nji ýylda Stambulda gämi gurmak we oňarmak üçin ýörite ýeriň açylmagy bilen Osmanly türkmen döwleti deňizde hem güýjüni görkezmäge başlady.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Guwançdurdyýewa Gülnur