Osmanly taryhynda bu imperiýanyň iň uly topraklara eýe bolan döwri Ýowuz Soltan Selimiň ogly Kanuny Soltan Süleýmanyň döwrüdir (1520-1566). Ol kakasyndan miras galan topraklary ýarym asyra ýakyn bir döwrüň içinde günbatara we gündogara köp sanly ýörişler gurnapdyr. 1538-nji ýyldaky Preweze deňiz söweşinde Papalygyň harby deňiz goşunyny derbi-dagyn edilmegi, Omanyň Osmanly häkimiýetine alynmagy we ýewropalylar bilen bolan köpýyllyk göreşleriň netijesinde Kanuny Soltan Süleýman döwletiniň topraklaryny giňeldipdir. Ol jemi 13 ýörişe hut özi gatnaşypdyr we 13-nji ýörişinde şehit bolupdyr. Bu beýik türkmen soltany Osmanly patyşalarynyň içinde goşun tarapyndan iň köp söýülen we hormatlanan hökümdar bolupdyr.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.