Çagalaryň “Baby Shark Dance” (“Kiçijik akulalaryň tansy”) aýdymynyň wideosy, YouTube-da on milliarddan gowrak tomaşa edilen dünýäde ilkinji aýdym boldy diýip, wideony döreden Günorta Koreýanyň Pinkfong kompaniýasy habar berýär.
Wideoda kiçijik oglanjyk we kiçijik gyzjagaz akula we maşgalasy hakda animasiýanyň fonunda aýdym aýdýar we maşk tansyny ýerine ýetirýär.
Egerde ähli görülen tomaşalaryň wagtyny birleşdirsek, olaryň umumy dowamlylygynyň 43 müň ýyldan gowrak boljakdygy bellendi.
“Baby Shark” 2016-njy ýylyň iýun aýynda çykdy we özüne çekiji heňi we “Baby shark, tu-tu tu-ru tu-tu” sözleri esasynda meşhur boldy.
2020-nji ýylyň noýabr aýynda bu aýdym, YouTube-da iň köp tomaşa edilen wideo hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi ol şonda ýedi milliard tomaşa ýygnady Şondan bäri ol bu tituly saklap gelýär.

RU












