Deňiz ofiseri bolup gulluk eden ABŞ-ly Tom Jeýkobs, alymlara Gün ulgamynyň daşynda, Ýupitere meňzeş planetany tapmaga kömek etdi.

Belwýu şäheriniň ýaşaýjysy – raýat alymlary diýlip atlandyrylýan – ekzoplanetalaryň alamatlary ugrundaky gözleglerde teleskop maglumatlaryny synlamaga mümkinçilik berýän onlaýn meýletin proektina gatnaşýar diýip, NASA habar berýär.

Meýletinçiler, belli bir ýyldyzyň ýagtylygynyň üýtgeýänligini bilmek üçin, TESS hemra maglumatlarynyň grafiklerini barlaýarlar. Ýagtylygyň wagtal-wagtal peselmegi, käbir asman jisimleriniň öz orbitasynda ýyldyzyň öňünden geçýändigini aňladyp biler.

TOI-2180 b diýlip atlandyrylýan äpet gaz halyndaky planeta, Ýerden takmynan 379 ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýär. Ol gün bilen deň massasy bolan ýyldyzyň daşyndan aýlanýar we Wenera bilen Günüň aradaşlygyna garanyňda ondan sähelçe uzaklykda ýerleşýär.