Hytaýly alymlar topary özboluşly kamerany döretdiler – onda, olar Aýyň pes grawitasiýa şertlerini üstünlikli meňzetmegi başardylar.
Aý simulýatory, diametri 60 sm bolan tegelek kamera bolup, şol bir wagtyň özünde enjam wakuumda ýerleşýär. Bularyň hemmesi, alymlara aýdaky ýaly pes grawitasiýa gazanmaga mümkinçilik berdi.
Ýeriň tebigy hemrasynyň simulýatory, hünärmenlere, kosmosa iberilmezden ozal dürli enjamlaryň işleýşini has gowy barlamaga kömek eder diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, kamerany bolup biläýjek Aý bazasynyň gurluşygynda dürli kemçilikleri hasaplamak üçin ulanylyp bilner.

RU












