Awstraliýa “Sputnik V” sanjymy edilen daşary ýurt raýatlaryna girmäge rugsat berdi, ýöne syýahatçylyk maksady bilen däl diýip, ATOR habar berýär.

Häzirlikçe iş we şahsy (toý, ýakyn garyndaşyň ölümi) sebäplere, şeýle hem okuw maksady bilen gelip bilersiňiz. Syýahatçylyk wizalary entegem berilmeýär.

Awstraliýa girmek üçin daşary ýurtlaryň raýatlary deklarasiýa doldurmaly we ugramazdan öň 72 sagat köp bolmadyk PZR barlagyndan geçmeli. Şeýle hem geleniňizden soň – bir günüň dowamynda barlagdan geçmegi talap edilýär.

Sanjym edilmedik syýahatçylar, öz hasabyna obserwatoriýada iki hepdelik karantini geçmeli bolarlar. Makullanan dermanlar bilen, negatiw synag netijesini alanyňyzdan soň erkin hereket edip bilersiňiz.

Sanjymyň ýagdaýyny tassyklamak üçin halkara standartyna laýyk gelýän şahadatnamany görkezmeli. Ikinji sanjym pursatyndan azyndan ýedi günüň geçmelidigi bellendi.