Belostoks uniwersitetinden polşaly alymlary COVID-19-a garşy göreşde kömek edip biljek açyş etdiler. Gözlegçiler, koronawirus keselini agyr geçirýän we ölüm howpuny ýokarlandyrýan gen tapdylar diýip, Polskie Radio habar berýär.
Polşanyň Saglygy goraýyş ministri Adam Nedzelskiniň sözlerine görä, geniň tapylmagy, kimiň keseli agyr geçirmek töwekgelçiligine has hem sezewardygyny kesgitlemäge kömek eder.
Ministr açyş eden gözlegçileri gutlady we gözlegleriň hökümetiň buýrugy esasynda geçirilendigini belledi. Olara ýurduň çar künjeginden koronawirus diagnozy goýlan 1500 näsag gatnaşdy.