Käbir iýmitleriň düzüminde bar bolan ereýän kletçatkalary köp mukdarda iýmeklik, wisseral ýag bilen göreşmäge kömek edýär. Garyndaky ýagyň bu görnüşi gormonal deňagramsyzlyk sebäpli emele gelýär we genetiki taýdan şertlenen, ol öýjükleriň insuline garşy duýgurlygyny peseldýär we tromblary emele getirip biler bu bolsa ýürek kemçiliklerine sebäbi bolup durýar.

Ueýk Forest Baptist Medisina Merkezi, meselem, düzüminde ereýän kletçatka bolan ýertudana iýmit siňdiriş prosesini haýalladýar we şeýlelik bilen aşgazandaky wisseral ýagyň mukdaryny azaltmaga kömek edýär diýip hasaplaýar. Alymlaryň maglumatlaryna görä, şunuň ýaly önümleriň 10 gramyny iýmeklik bäş ýylyň dowamynda wisseral ýagyň mukdaryny 3,7% azaldar, ýöne şonda-da bu meseläni çözmegiň iň üstünlikli usuly iň bolmanda günde aramlyk fiziki işjeňlikdir. Hut şular ýaly wagtda ol garyndaky ýagyň 7,4% -ini ýakyp bilýär diýip, Express ýazýar.