Aktýor Kianu Riwz “Stiwen Kolber bilen giçlik şou”-nyň myhmany boldy we söhbetdeşlikde iň halaýan aýdymyny we filminiň adyny aýtdy.
“Matrisa” filminiň ýyldyzy “Colbert Questionert” atly gyzykly wiktorina gatnaşdy. Soraglaryň biri: sen haýsy aýdymy ömrüň ahyryna çenli diňlemäge taýyn. Birnäçe sekunt oýlanandan soň, Riwz britaniýanyň rok-topary Joy Division tarapyndan ýerine ýetirilýän “Love Will Tear Us Apart” aýdymyny saýlady.
Kompozisiýa 1980-nji ýylda, frontçy Ien Kertisiň ölüminden bir aý soň ýazgy edildi.
Şeýle hem aktýordan halaýan filminiň adyny aýtmagy haýyş edildi. Ol baş rolda Jeýms Kaanyň oýnaýan “Rollerbol” (1975) fantastiki lentasy boldy.

RU












