Reper 50 Cent (Kertis Jekson), Lil Durk (Derk Benks) we Jeremih (Jeremy Felton) YouTube-da “Power Powder Respect” atly bilelikdäki aýdymlarynyň şekilli görnüşini görkezdiler.
Bu aýdym “Gijeki şäherdäki höküm. Dördünji kitap: güýç” (“Power Book IV: Force”) teleserialynyň ses ýazgysyna öwrüldi – “Gijeki şäherdäki höküm” aýlawly tomaşa.
Jenaýat trillerleri stilindäki bu aýdym-saz wideosyny, hip-hopda iň köp talap edilýän klipmeýker Eýf Riwera surata düşürdi. Wideoda teleserialyň ozal görkezilen bölümlerinden wideoýazgylar bar, sazandalar onuň fonunda rep okaýarlar.
Wideo görkezilenden birnäçe sagat soňra, ol takmynan 250 müň tomaşa we 300 müň töweregi begeni gazandy.