Itan Houk Netflix-iň “Dünýäni geçmişde goý” (“Leave the World Behind”) trillerinde rol alar, bu filmde Maherşala Ali we Julia Roberts hem çykyş eder diýip, Deadline habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, filmde mundan başgada “Industriýa” teleserialyna gatnaşmagy esasynda tanalýan Mika’la Herrold, Raýan Kira Armstrong (“Enzonyň gözi bilen ajaýyp dünýä”) we Çarli Ewans (“Hemme zat gowy bolar” teleserialy) surata düşerler.

Ýakynda çykjak film Rumaan Alamaň birmeňzeş ady bolan esere esaslanar, film üçin ony Sem Esmeýl (“Jenap Robot”) uýgunlaşdyrar. Ol şeýle hem režissýorlyk eder.

Alamyň eserinde, waka birek-biregi tanamaýan iki maşgala gönükdirilýär. Şeýle-de bolsa, dynç günleri bilelikde geçirmäge mejbur bolýarlar, bu bolsa hemmeler üçin düýş görgüsine öwrülýär.