Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet
günleri geçirildi. Döredijilik çäresi ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da
ösdürmekde möhüm ädimdir.
Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy
paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.
Dabara gatnaşyjylara iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary
gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, ýola goýlan
dostlukly gatnaşyklaryň köptaraply hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge
mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Ýerewanyň Döwlet horunyň
konserti boldy. Olaryň çykyşynyň maksatnamasyna ermeni we dünýä genji-
hazynasynyň nusgawy saz eserleri girdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şunuň ýaly döredijilik
çäreleriniň geçirilmegi ruhy taýdan ýakynlaşmaga, halklaryň arasyndaky özara
düşünişmegiň hem-de dostlugyň çuňlaşmagyna, medeniýetleriň, däp-
dessurlaryň köpdürlüligi bilen tanyşmaga hyzmat edýär.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde
Ermenistanyň milli galereýasynyň sergisi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda
bolsa Terýan medeni merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk, şeýle hem
ermeni režissýorlarynyň kinofilmleriniň görkezilişi boldy.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
