Şeker iýmäge öwrenişen adamlar, ondan ýüz öwüren ýagdaýynda, agyr oňaýsyzlyklara duçar bolup bilerler. Bu ýagdaýy, şekeriň düzüminde bedenimiz üçin esasy energiýa çeşmesi bolan uglewodlaryň köp bolmagy bilen baglanşyklydyr. Olaryň mukdaryny düýpgöter azaldan ýagdaýymyzda, bedenimiz nägile bolup galýar.

Munuň öňüni almak üçin, dietolog-lukmany süýjüliklerden ýüz öwüren ýagdaýymyzda ilki bilen bedenimizi çylşyrymly uglewodlar bilen baýlaşdyrmagy we şondan soň şekeri gündeki iýmitimizden çykarmagy maslahat berdi. Munuň üçin: çörek, makaron, tüwi we kartoşka ýaly önümleri içmeli.