Litwanyň Kaunas şäherinde, 2022-nji ýylyň Ýewropanyň Medeniýet paýtagtynyň hukuklaryny almagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler, bu çärä ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy Odri Azukaý gatnaşar diýip, ELTA portaly habar berýär.
Kaunasda 100-den gowrak dürli medeni çäreler geçiriler.””Gozgalaň”atly ägirt uly açylyş dabarasy, ähli proektiň simwoliki çykyşy bolar. Aýdym-sazyň, ýagtylygyň, şekiliň we hereketiň bu täsirli tomaşasy bilen Ýewropanyň Medeniýet paýtagty ýylynyň tituly resmi taýdan başlar” diýip,ELTA habar berýär.
2017-nji ýylyň mart aýynda Kaunas 2022-nji ýylda Ýewropanyň Medeniýet paýtagty bolmak hukugyny gazandy. Onuň bilen birlikde, hormatly at ugrundaky bäsleşige Klaýpeda, Palanga we Neringa ýaly Litwanyň ýene alty şäheri gatnaşdy. Şeýle hem 2022-nji ýylda Lýuksemburgyň Eş-sýur-Alzette şäheri paýtagt diýlip yglan edildi.