Ýuwaş ummanynda ýerleşýän uzakdaky Kiribati adasy 10 aýdan soň açylan ilkinji halkara uçuşyndaky ýolagçylarda, koronawirus alamatlary çykanlygy sebäpli çäklendirmeleri girizdi . Fijiden gelýän uçardaky 54 ýolagçynyň azyndan 36 sanysynyň koronawirusa garşy barlaglary položitel çykdy. Kesellän ýolagçylara eýýäm dört adama kesel ýokaşdy.
Çäklendirmeler şenbe güni güýje girdi we onuň näçe wagt dowam etjekdigi entek belli däl.
Adamlara diňe gyssagly ýagdaýlarda öýlerinden çykmaga rugsat berilýär. Olar ilkinji zerur harytlary, mundan beýläk 6:00-dan agşam 2:00-a çenli işleýän dükanlardan satyn alyp bilerler.
120 müň ilaty bolan bu dowletiň sanjym derejesi barada takyk maglumat ýok.