Etoni Mama lakamly Ýaponiýanyň ýaşaýjysy, ussatlyk bilen bento bişirýänligi sebäpli sosial ulgamlarda meşhur boldy. Ýaponiýada tüwi, balyk we gök önümlerden düzülen, bölekleýin günortanlyk nahary şeýle atlandyrylýar.

Bento däbi XII asyrda ýüze çykypdyr we häzirki döwürde iň ýokary derejesine ýetdi Hatda bu sungat boýunça dürli ugurlar hem peýda boldy.

Etoni Mama soňky ugry ýerine ýetirýär. Ol naharlary Disneý, Pixar we ş.m. studiýalaryň, multfilm gahrymanlaryna meňzedip taýýarlaýar. Dörediji bu zenanyň senedine eýýäm 200 müňe golaý adam syn edýär.