Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň hünärmenleri, parasetamol içmekligiň, birnäçe zyýanly täsirleri döredip bilýändigini, adamlara duýdurýan material çap etdiler. Şol sanda deriniň reňkiniň üýtgemegi bolup geçip biler.

Bu ýerde gürrüň, adamyň barmaklarynyň we dodaklarynyň reňkiniň gögümtil görnüşde bolmagy barada aýdylýar. Bu köplenç ýagdaýda parasetamoly günde kabul edýän adamlarda ýüze çykýar. Munuň öňüni almak üçin, lukmanlar, has ünsli bolmagy we hiç hili ýagdaýda bu derman serişdesiniň aşa köp dozasyny içmeklige ýol bermeli däldirler diýip, maslahat berýärler.

Hünärmenler, hatda saglyk ýagdaýyňyz has pes bolan ýagdaýynda-da parasetamol içmekden gaça durmaly diýip, aýratyn bellediler.

Lukmanlar, derlemegiň artmagy, işdäň kesilmegi, ýürek bulanmagy, gusmak we içgeçme hem parasetamolyň beýleki “zyýanly täsirlerine” girýär diýip duýdurdylar. Bularyň hemmesini garyn agyrylary, spazma ýa-da garnyň ýokary böleginiň çişmegi ýaly alamatlar bilen duýup bolar.