Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Huangan şäherinde ilkinji “dik tokaýly” ýaşaýyş jaýy peýda boldy. Bu toplum, umumy geçelge bilen birleşdirilen 80 metr beýiklikdäki iki binadan ybarat, ol 4,54 gektar meýdany tutýar.
Binagärler her binanyň ýüz tarapynda 404 agaç, takmynan 4,6 müň gyrymsy agaç, şeýle hem otlaryň we gülleriň birnäçe görnüşlerini ýerleşdirmegi başardylar, ol agaçlar bir ýylda 22 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip, 11 tonna kislorod öndürip biler. Binagärleriň sözlerine görä, “dik tokaýly” ýaşaýyş jaýy ýaşaýjylara şäherden çykmazdan tebigata ýakyn bolmaga mümkinçilik berer.
Huangan şäherindäki “dik tokaý” taslamasy, Stefano Boeri Architetti China binagärlik edarasynyň hünärmenleri tarapyndan işläp düzüldi. Hut şu kompaniýanyň eýesi arhitektor Stefano Boeri 2000-nji ýyllaryň başynda “dik tokaý” konsepsiýasyny döretdi.