Internet ulgamynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki bölüminiň müdiri Hans Klugeniň optimistik habarlary peýda bolda.
Hünärmeniň sözlerine görä, koronawirusyň omikron ştammyndan soň, pandemiýanyň soňlanmagy sebäpli, adamzadyň adaty durmuşa gaýdyp gelmegi gaty ähtimal. Ol bu ýagdaýy, sanjymyň edilmegi, ýokuşan keseller we möwsümleýinlik netijesinde önýän umumy immun ulgamy bilen düşündirdi.
Şol bir wagtyň özünde BSGG-nyň wekili hemmeleri seresaplylyga çagyrdy. Mysal üçin, ol wirusyň belli bir sebite mahsus endemiki faza geçjekdigini aňlatmaýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda gürrüň, alymlaryň wirusyň häsiýetlerini öňünden bilip bolmaýanlygy sebäpli, geljekde näme boljakdygyny çaklap bilmeýändikleri barada aýdylýar.

RU












