Iň myhmansöýer şäher Italiýanyň uly bolmadyk Matera şäheri boldy. Onuň köne bölegi gaýada ýerleşýär we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. Mundan başga-da,ol ýerde Golliwudyň köp sanly blokbasterleri surata düşürildi, meselm Mel Gibsonyň “Hristo hyjuwy”, Timur Bekmambetowyň “Ben-Gur” we “Täsin-aýal”.
“Taryhy, tagamly naharlary, binagärligi ýa-da gözel ýerleri bularyň hemmesi Matera şäherinde bar. Şäherde 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde ykrar edilen özboluşly daş elementleri we tebigy gowaklar agdyklyk edýär. Bu dini ýerlerz şähere gelýän myhmanlara hödürlenýän ýaşaýyş jaýlaryň görküne görk goşýar”-diýip internet sahypada ýazylypdyr.