Türkmen halyçylary tarapyndan dokalýan halylaryň arasynda has täsinleri-de bar. Eger adaty halylar bir inedördül metrinde 250-300 müň çitim syklykda dokalýan bolsa, olardan-da has syk dokalan, ýagny bir inedördül metrinde 1 million 355 müň çitim bolan «guşly gölli» ahal-teke halysy bar. Bu halyny ussat halyçylar K.Çaryýewa, A.Muhyýewa, D.Süleýmanowa dagy 2004-nji ýylda 8 aýyň dowamynda dokapdyrlar. Munuň özi äpet halylary dokamaga sarp edilen wagt bilen deňdir. Halynyň her bir çitiminiň şeýle syk, berk bolany üçin, ol arasyndan hatda bir damja suw hem geçirmeýär. Şeýle halylar il içinde «suw geçirmeýän haly» adyna eýedir.

Hojamyradowa Suraý 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.